öň

öň
1) Bir zadyň ýüz tarapy, alyn tarapy.
2) Öňki wagtlar, ozal, öňürti, başda.
∙ Şu teklip, şu pikir mundan bir hepde öň bolan bolsa bolmaýarmy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Sen maňa öňler doganym diýýär diňle?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Öň gelen orun alar. (Nakyl)
∙ Öň degen ýumrugyň täsiri artyk. (Nakyl)
∙ Öňüm gelenden, soňum gelsin. (Nakyl)
3) Kömekçi söz rolunda: Äpişgäniň öňünde. Märekäniň öňünde.
Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem öň - öňüm, öňüň.
öň ýetenHer bir gelen, özüňçe bar-ýok, bolar-bolmaz, bolgusyz (adam hakda).
∙ Her bir öň ýeten bilmeýän zadyny bilýän diýip otursa gaty gelişiksiz bolýar.
öňde baryjyIşde, zähmetde görelde gözkeziji, zarpçy.
∙ Şahyryň tankydy esasynda ýaltalaryň arasyndan öňde baryjy kolhozçylar hataryna geçenleri hem boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
öňe düşmekÝol görkezmek, ýolbaşçylyk etmek.
öňe seretmekGeljegi göz öňüne tutmak.
öňe sürmekIşi janlandyrmak güýçli depgin bilen alyp barmak.
öňüni almakBir zadyň bolmagyna ýol bezmezlik, bir zatdan saklamak degişli çäre görmek.
∙ Urşuň öňüni alyp bolar we onuň öňüni almak gerek.
∙ Suwuň bisarpa tutulmagynyň öňüni almak gerek.
öňüni başlamakBir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak.
öňüni kesmekBiriniň ýa-da bir zadyň ýolunu bölmek, ýoluny beklemek..

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Полезное



Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»